- ötmek
- işlik1) Geçip gitmek, gapdalyndan, üstünden geçmek.∙ Ýetip hem durmadym, duşundan ötdüm. («Tokmak» žurnaly)∙ Agaryp ýatan medanyň üstünden öten badymyza ýaşaýyş jaýlary göründi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Geçmek (wagt hakynda).∙ Ýene bir ýyl ötensoň, men hem mekdebe gitjek. («Mydam Taýýar» gazeti)3) Ozup geçmek, öňe geçmek, ýeňmek, ozmak.4) Satyn alynmak, satylmak, geçmek.∙ Harytlaryň ötmän galjagy ýok.5) Göçme manyda Ýaşap geçmek, ölüp gitmek.∙ Danteniň gumanizmiň öň ýanynda ötüp geçen adamdygy bildirip dur. (Orta Asyrlar Taryhy)6) Bedene ýiti täsir etmek, awuşatmak, agyrtmak.∙ Sogan arassalanyňda göze ötýär.∙ Göze guýlan derman ötýär.∙ Ýod ýara ötýär.7) Günäsini geçmek, bagyş etmek, ýazygyny bagyşlamak.8) Kesip bilmek, gowy kesmek (Palta, pyçak we ş. m. hakda).Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.Meselem ötmek - ötdüm, ötdüň, ötüpdir.◊ dişiň ötmek — seret diş∙ Seniň oňa dişiň ötmek, şu aýdan sözleriňi ýanynda aýdyp hem bilmersiň.◊ dünýäden ötmek — Aradan çykmak, wepat bolmak, ölmek.∙ Şähere bu salkyn kölegeli bagy beren bagdan bir wagt dünýäden ötdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ sözüň ötmek — seret söz∙ Sözüň ötjek adamlar bilen gürleş! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.